Dünýä edebiýatynyň şamçyragy
Adamzat taryhy genial şahyrlaryň we akyldarlaryň, alymlaryň, we kompozitorlaryň ençemesini orta çykarypdyr. Olaryň dünýä medeniýetini baýlaşdyran ölmez – ýitmez döredijiligi diňe bir döwre, bir halka däl, eýsem, ähli halka ähli döwre degişlidir. Şol genial şahslaryň biri hem “halk pikiriniň jarçysy” ,
“akyl dürüniň egsilmez hazynasy”, “ynsanperwerlik minarasynyň ýokary basgançagy”, “dünýä edebiýatynyň şamçyragy”, öz döwrüniň “ägirt uly ensiklopediýasy” Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly döredijilik gerimi juda giň şahyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň poeziýasy älemde tebigatyň bolluk bilen eçilen suwuna, dürli görnüşdäki janly – jandarlaryna, ösümlikler dünýäsine örän baý bolan ummanlara meňzedilipdir. Netijede, oňa “dünýä poeziýasynyň ummany” diýlip at berlipdir. Şahyryň döredijiligine aralaşsaň, ummanlardaky baýlyga meňzäp duran durmuş, dünýä, jemgyýet bilen baglanyşykly ähli meseläni tapýarsyň. “Dile gelen sözleri köňül nagşy edip, taraşlap şagladan ” genial Magtymgulynyň poeziýa älemindäki mertebesini görkezýän şol belent ady götermäge şahyr her bir jähtden mynasypdyr.
Magtymguly – öz halkynyň guwanjy we şöhraty. Feodalçylyk dagynyklygyň, uruşlaryň we hukuksyzlygyň agyr zamanynda ol türkmen poeziýasyna heniz görülmedik belentlige galdyrmagy başarypdyr. Onuň döredijiligi türkmen dilinde neneňsi baýlyklaryň bardygyny we dünýä şeýle ajaýyp şahyry berlen halkyň nähili ruhy güýçleri bardygyny görkezýär. Berdi aganyň belleýşi ýaly, Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanypdyr, olary ülňemekde ökde biçimçi bolupdyr.
Magtymgulynyň eserleri tema taýdan dürli bolup, olarda sosial – syýasy, ykdysady ýagdaý, söýgi, öwüt – nesihat , dünýä meselesi, diňe äheňler, dürli legendalar bilen baglanyşykly döredilen şygyrlar şahyryň döredijiliginiň esasyny tutýar. Şolaryň ählisiniň içinde Ynsan meselesi – Adam meselesi eriş – argaç bolup geçýär. Şonuň üçin “akyl dürüniň egsilmez hazynasy” bolan Magtymgulynyň döredijiliginiň iň esasy heňi adam hakdaky, onuň ykbaly hakdaky meseledir. Adamyny hiç zadyň hatarynda görmedik sufistik teologlaryň garşysyna çykmak bilen Magtymguly sözi edil Nowaýy ýaly, adama dünýädaki “iň gymmatly jandar” hökmünde garaýar. Dünýäde adamyň hatarynda durup biljek zat ýok. Adam çäksiz paýhasyň, düýpli düşünjäniň eýesidir we maddy eşretleri döredijidir. Şahyr halka we watana berlenligi, zähmete söýgini, päk ýürekliligi,
birek – birege ýagşylyk etmekligi, myhmanparazlygy, parasatly sözleriň gymmatyna düşünmekligi adama mahsus bolan iň esasy häsiýet – sypat diýip hasaplaýar. Şonuň bilen birlikde, ol adamlardaky nogsanlyklary – mugthorlugy, açgözlügi, betpälligi, zorluk – sütemi ýazgarýar. Şolary ýok etmek üçin köp tagalla goýýar. Adamy söýmek, hormatlamak, onuň mertebesini, namysyny goramak, oňa päk ýürekden hyzmat etmek – Magtymgulynyň hemişelik şygary bolupdyr. Şahyr adamyň ykbalyna parhsyz garaýanlary, oňa ýüregi agyrmaýanlary ynsan hasaplamandyr. Zäherli sözler bilen näletläp, olary itlere, doňuzlara, möýlere, içýanlara, ýylanlara deňäpdir:
Ýagşylykda ile özün tanadan –
Alkyş alyp derejesi zor bolar;
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –
Öz yzzatyn gidir, itden har bolar.
Magtymguly hemişe adam aladasy bilen ýaşaýar. Öz döwrüniň hökmürowanlary – da ynsanyň kimligine garamazdan, sarpasyny tutmaga, “ony gün kibi çoýup”, ýylatmaga çagyrýar. Bu meselede şahyryň dewizi aşakdaky ýaly setirler bolupdyr:
Asla adamzada ajy söz urma,
Pakyra – misgine delalat ýagşy,
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam – duz bergil,
Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky gün kibi çoýgul,
Akarda suw ýa öserde ýel bolgul.
Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen Magtymguly gelin – gyzlara belent sarpa goýupdyr, çünki şahyryň ýaşan feodal – patriarhal jemgyýeti, reaksion ideologlar gelin – gyzlary kemsidipdirler, olara diňe “iş guraly” hökmünde garapdyrlar. Emma bu şahyr:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama -
Söz içinde gelin – gyz hem bolmasa –
diýip, olaryň mertebesini örän ýokarda tutupdyr. “Bala husun” (“Iň belent görk”) ýa-da perileriň soltany atlandyrmakbilen, olary toslama dünýäniň peri – peýkerlerinden-de, hüýrlerinden – de artyk saýypdyr. Şahyr gelin – gyzlara gözellik äleme mahsus bolan sypatlary goşgularynyň bütin süňňine ornaşdyrypdyr.
Şeýlelikde, Magtymguly asylly gözelleriähli tarapa eşret çeşmesi akyp ýatan “jennet”, “gözel” diýen ada ysnat getirýän ýaramazlary bolsa içi ahy – waýlardan doly “dowzah” hasap edipdir.
Magtymguly “Sözleri düre, setirleri göwhere, aýdyňlygy Aýa, güýji Güne” barabar bolan eserlerde öz halkynyň şatlygyna guwanypdyr, gaýgysyny deň paýlaşypdyr. Onuň öwüt – nesihatçysy, maslahatçysy bolupdyr, derdine derman tapmak, ýaraly ýüregine melhem etmek üçin wagtyny, sözüni, elinden gelen zadyny aýamandyr. Şahyryň ýaşan, synasy muşakgatlyklardan, jebir – sütemlerden doly zamanynda türkmen jemgyýeti agyr ýagdaýda bolupdyr. Ol ezýänler we ezilýänler toparyna bölünipdir. Ýurtda adalatsyzlyk, pyssy – pyjurlyk höküm sürüpdir. Şonuň üçin şahyr, ozaly bilen, öz döwrüniň sosial – syýasy ýüzüni açyp görkezipdir. Ol ýurtda höküm süren şalardan – da, hanlardan – da, baýlardan – da, kazy – kelanlardanda, abyt – pirlerden –de, molla – ahunlardan – da, çekinmän, şolaryň ähli hereketlerini paş edipdir:
Gömüldi derýalar,ýykyldy daglar,
Ýetimler göz ýaşyn döke başlady;
Orramsydan bolan haramhon begler
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.
Şalarda galmady hökmi – adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat,
Bil: bu işler nyşanydyr kyýamat,
Zalymlar bitowa öte başlady.
Magtymguly, başa baglap selleler,
Aç böri deý ýortup niçe mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar
Her ne tapsa, dynmaý dyka başlady.
Şeýlelikde, ýurtda sosial – ykdysady deňsizlik ýowuz hökümini ýöredipdir. Netije – de, şahyryň öz ýazyp görkezişi ýaly, XVIII asyryň maddy keşbi hem şu hili bolupdyr:
Kimlerde altyn täçdir,
Kimler saýyl – mätäçdir,
Kimler düýpden gallaçdyr,
Kim ýüpek – haly gözlär.
Kim nan tapmaz iýmäge,
Kim ýer tapmaz goýmaga,
Kim don tapmaz geýmäge,
Kim tirme – şaly gözlär.
Magtymguly halk bile, onuň isleg – arzuwy, şatlygy, gam – gussasy, dünýägaraýşy, watana söýgüsi, ony goramak ugrundaky tagallalary, göreş ýollary, ruhy hallary, adamkärçilik mertebeleri bilen ýaşapdyr:
Gel, köňül men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma;
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma.
Aýralyk oduna ýanyp bişmeýän,
Zalymlar zulmundan dolup – daşmaýan,
Watandan aýrylyp ýalňyz düşmeýen,
Ülkesinde il gadryny näbilsin.
Şahyryň ýaşan döwründe türkmenleriň merkezleşen döwleti bolmandyr. Şonuň üçin uly urug – tireler-ä beýlede dursun, hatda bir tirä, bir taýpa birigýän obalaryň arasynda – da ýerleriň, öri meýdanlaryň, suwuň, gaýry zatlaryň üstünde çaknyşyklar, agzalalyklar dowam edip gelipdir. Bu ýagdaý bolsa halkyň syýasy taýdan öňküsinden – de gowşamagyna, ykdysady taýdan togtamagyna alyp barypdyr, keseki ýurt basybalyjylylarynyň – Eýran şalarynyň, Hywa hanlarynyň, Buhara emirleriniň türkmen topragynyň üstünde ganly hem talaňçylykly ýörişlerini dowam etdirmeklerine şert döredipdir. Ol ýörişler şäherleriň, obalaryň talanmagy, ilatyň köpçülikleýin gyrylmagy, gulçulyga öwrülmegi, wagşylarça ezilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň weýran edilmegi, şatlykly – şagalaňly günlere zarba urulmagy bilen alamatlanypdyr. Magtymguly şol çykgynsyz ýagdaýyň keşbini şeýle çekipdir:
Bazarym sowuldy, harydym galdy,
Dükanym eýesiz galdy, neýäýin;
Binasyn dargatdy, garakçy doldy,
Barçasyn düýrleýip, galdy neýläýin.
Mertler namart boldy, namart mert boldy,
Gurtlar peşe boldy, peşe gurt boldy,
Ýurtlar zyndan boldy, zyndan ýurt boldy,
Şum pelek leşgerin saldy, neýläýin.
Aşyklardan ötdi yşkyň höwesi,
Tartyldy, ýazyldy dowzah perdesi,
Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy
Gözel ilim weýran kyldy neýläýin.
Mahrum kyldy gözüm görki hünärin,
Ata – enäň aldy göwün kararyn,
Her gün açdy gul – gyrnagyň bazaryn
Namysym bazara saldy, neýläýin.
Magtymguly türkmen halkynyň erkin, parahat, eşretli, bagtly, sapaly durmuşy ugrunda biçak uly tagalla edipdir. Ozaly bilen halkyň agyr ýagdaýa düşmegine sebäp bolan agzalalygy ýazgarypdyr:
Bir – birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp duşmana gelgeý.
Ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak barada şahyryň aýdan bu sözleri merkezleşen döwlet hakyndaky öňe süren beýik idealynyň biri bolupdyr. Magtymguly “Ýekäniň
çaňy çykmajagyna” düşünipdir. Ol ýekäni bir gamşa meňzedipdir. Ýeke gamşy döwmek aňsat bolýar. Şahyr birleşmegi boglan gamyş dessesine meňzedipdir. Magtymgulynyň bu baradaky beýik idealy, ine, şulardan ybaratdyr:
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.
Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurudars Gulzumy, derýaýy – Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler şol ykbaly türkmeniň.
Magtymgulynyň şeýle eserleri ondan soňky nesiller üçin hem azaşany ýola salmaga hyzmat edýän Ülker, Ýedigen, Üçýyldyz, Akmaýanyň ýoly, Daň ýyldyzy ýaly tebigy komposlaryň ýoluny oýnapdyr. Şahyryň her bir setiri aýdyň ýörelge, aýdyň programma, ýolgörkeziji maýak bolupdyr. Ol setirler adamyň garaňky dünýäsini ýagtyldýar, ony şa ýoluna salyp goýberýär. Her bir okanda, her bir diňlände geljege bolan uly umydy döredýär.
Magtymgulynyň bu idealy XIX asyrda örän giňden dowam etdirilipdir. “Gaýduwsyz gahrymanlygyň kerwenbaşysy” hasaplanýan serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdi halk köpçüligine şeýle ýüzlenipdir:
Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçe bilmez derýadan bäri,
Her ýigidiň söweş bolsa hünäri,
Öňümize salyp, sürülsin imdi.
Ýagy bolsa salyr, saryg – u – teke,
Biz mundan il bolmak ogşamaz ýeke,
Beýle oturynça, pel çeke – çeke,
Bir gylyja kuwwat berilsin imdi!
Öňe – yza ýagşy salyň garawul,
Namardyň janyna düşmesin dowul,
Teke, salyr, saryk, gara, bekewül –
Bir oturyp, bile turaly begler.
Il – günüň agysyna aglap, gam – gussasyny deň paýlaşan beýik şahyryň merkezleşen döwlet, agzybirlik, birleşen güýç bolmak baradaky şol ajaýyp arzuwlary öz döwründe amala aşmadyk bolsa – da olar XIX asyryň ikinji ýarymynda öz netijesini görkezip ugraýar. Merkezleşen döwlet bolmasa – da güýç birikdirip duşmana gaýtawul bermek ýaly ideallar rowaçlanyp ugraýar. Şunlukda, daşky duşmanlaryň Türkmenistanyň territoriýasyna eden ençeme ýörişi şowsuz bolup, türkmenleriň peýdasyna gutarýar. Mysal üçin, 1855 – nji ýylda Hywa hany Mädemin agyr goşun bilen Saragt türkmenleriniň üstüne çozýar. Ol Ýagly depäniň ýanynda derbi – dagyn edilýär. 1858 – nji ýylda Japarguly han Eýran goşunyna baş bolup, Garrygala türkmenleriniň üstüne çozýar. Ol Monjuk depäniň düýbünde kül - peýkun edilýär. 1861 – nji ýylda Hemze Mürze Eşmit Daula Eýran goşunyny Mary türkmenleriniň üstüne getirýär. Onuň toply – tophanaly köpsanly leşgeri Porsugalada mynjyradylýar. Bu ýeňişler tötänden däl, çünki olar tire – taýpalaryň birleşen güýç bolup, duşmana zarba urmak baradaky asylly ideala gulluk etmeklerinden gelip çykýar.
XIX asyr türkmen jemgyýetiniň syýasy ýagdaýy tüýs watançy ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmekligi gün tertibiniň ilkinji meseleleriniň biri edipgoýupdyr. Halkyň gözi, gulagy, durmuşyň aýnasy bolan çeper edebiýatda olara çäksiz söýgi bildirilipdir. Bu meselede aýratyn orun Magtymgula degişlidir. Beýik şahyr mertligi, batyrlygy, gaýduwyslygy, ar – namys, il – gün üçin “wah diýmän”, janyny gurban edýän pälwanlary taryplapdyr, ýurduň gaýgysyny etmän, “namartja olam, sagja olam” diýýän ýal ýagysy züwwetdinleri pisläpdir.
Öz döwrüniň baryp ýatan ylymly adamy, deňi – taýy bolmadyk beýik şahyry Magtymguly ynsany ekleýän, saklaýan, bezeýän – besleýän, belent derejä ýeitrýän zähmete uly hormat goýupdyr. Ol ökde kümüş ussasy bolupdyr. Özüniň bu hünäri bilen türkmen gelin – gyzlarynyň, ahal – teke atlarynyň görküne görk goşupdyr. Çekiç hernäçe agyr, mähnetli bolsa –da, şahyr onuň sesinden lezzet alypdyr. Şol çekijiň sesi “Minnetli aş ajy bolar zäherden” diýip hemişe gaýtalaýan şahyry her bir bolar – bolmaza mätäç etmändir.
Magtymguly yslam dinine ynanypdyr. Emma şoňa garamazdan, ol sholastiki propagandanyň, ruhanylaryň “jennetde” wada berýän “eşretli ýaşaýşyna – da”, “keýp sapasyna - da”, real dünýädäki demden başga demiň barlygyna – da şübhelenipdir: şahyryň simpatiýasy, söýgüsi diňe real dünýädäki ýaşaýyşda bolupdyr. Şonuň üçin yslamyň şu dünýäden ýüz dönderip, “o dünýäniň” nygmatlaryna çagyrýan hyzmatkärleriniň garşysyna çykypdyr:
Mollalar ahyret sözün sözlärler,
Müňkür olma, geljek işdir eýlärler,
Kim biler ki ahyretde neýlärler,
Iýip, içip, münüp, guçup, öt ýagşy.
Beýik şahyryň bu pikiri onuň ýegeni Zelili tarapyndan dowam etdirilipdir, ösdürilipdir. Zelili bu barada şeýle ýazypdyr:
Ganymat bil saglyk bilen gezeniň,
Dem şu demdir, biliň özge dem bolmaz.
Kimse bilmez anda ne kylar Subhan,
Eger tapsaň, ýalançyda sür döwran,
Hoş geçir wagtyňy, galmasyn arman,
Münmek, guçmak, iýmek biläni.
Zelili, bar zatdan ölümdir gaty,
Ölümden – de gaty kişi minneti,
Mollalar öwer ol kyýamaty,
Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr.
Agalyk sürüji gatlagyň elinde ýiti ideologik ýarag bolan yslamyň möwç urýan we onuň ýowuz hökümini ýöredýän döwründe şu hili pikirler aýtmak, gör, şahyrlardan nähili batyrgaýlygy talap edendir.
Magtymgulynyň ýa Zeliliniň ýokardaky setirlerini okap, olar yslam dinini inkär edipdirler we ateist bolupdyrlar diýen pikiri ýöretsek, elbetde, öte geçdigimiz bolardy; çünki şahyrlaryň döredijiliginde “o dünýä”, hudaý, pygamber, hakda söz
açýan dini – mistiki şygyrlara kän ýerde duş gelýäris.
Magtymguly adamlary hemişe ruhubelent bolmaga çagyrypdyr. Ol: “Gam – gussa çekmek, eňremek ejizligiň alamatydyr, müň gaýgy bir iş bitirmez” diýip, halka düşündiripdir:
Aç hem bolsaň, barma ile dilege,
Diý: köşkde men, başym barmyş pelege!
Çölde galsaň, hiç tapmaýan kölege,
Erem bagy içre gamsyz galdym men.
Mätäçligiň hakda özge bilmese,
Ol rozygär, besdir açdan ölmese,
Hindi kimin egin örtiň bolmasa,
Patyşalyk puşeş çigne saldym men.
Suwa, ýele hökmi güýçki Süleýman,
Bak: olardan ne gam galdy, ne nyşan,
Teşne galyp, jaýyň bolsa çölüstan,
Derýa içre men Isgender boldum tut.
Şeýle bolandan soň, Magtymguly diýlende, her bir adam belent dagyň depesinde
oturyp alyslara nazar salýan bürgüdini göz öňüne getiripdir. Dag bürgüdiniň alyslary görşi ýaly, Magtymguly durmuş wakalaryny örän daşdan görüpdir. Şonuň üçin Magtymguly halkyň gözüniň öňünde ýönekeý bir şahyr däl-de, gudrat, äpet güýç bolup görnüpdir. Şeýle bolanyndan soň, Magtymguly üçin her bir türkmen janyny gurban etmäge taýýar bolupdyr. Bir wagtlar, şahyr entek ýaşrakka, gapyllykda tutulyp, Eýran şasynyň köşgüne äkidilende, Magtymgulyny ýesirlikden azat etmek üçin, Gürgenden, bahry – Hazar ýakalaryndan, Dehistan sährasyndan kowçum – kowçum bolup, atly – ýaragly adamlar yzy üzülmän Etrege gelipdirler. Ol atlylaryň her biriniň dilinde şol günler şu sňzler gaýtalanypdyr: “Magtymgulynyň at öňüne salnyp äkidilmegini men diňe bir özüm üçin däl, bütin il üçin, külli türkmen üçin ar bilýän, namys bilýän...Tükenmez söz hazynasynyň eýesi bolan Magtymgulyny men ýagşy köküni urup, inin – boýun ýetirip barýan çynara meňzedesim gelýär. Onuň ýylsaýyn pajarlap ösjegine, belent başynyň bütin daragtlardan saýlanyp, töweregine saýa saljakdygyna, ejiz daragtlary penasyna alyp, hemişe goý – boranyň garşysyna dag gaýasy ýaly bolup, döş gerip durjagyna meniň şekim ýok. Diýmek, Magtymguly biziň guwanjymyz. Öz guwanjymyzy elden berip ýaşandan, gara ýere duwlananymyz, söýgüli çynarymyzyň düýbüne palta urduranymyzdan, diriligimize jan berenimiz müň esse abraýlydyr”.
Beýik şahyra bolan şu hili söýgi has ýokary derejä ýetdi. Halkymyz şahyryň eserlerini çuňdan öwrenýär, edebiýatda we sungatda onuň belent obrazyny döredýär. Güneşli Türkmenistanyň hudožnikleri Magtymgulynyň portretini döredip, onuň parasatly keşbini gözümiziň öňünde janlandyryp goýdular. Inçe senediň ussady bolan gelin – gyzlarymyz äleme meşhur nepis halylaryna şol portreti çitdiler. Beýik şahyryň durmuş ýoluna, döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly” kinosyny döretdiler, äleme meşhur ýazyjylarymyz powestleri, poemalary, şygyrlary, romanlary, dramalary, alylarymyz monografiýalary ýazdylar. Instituta, kalhozlara, sawhozlara, gämilere, mekdeplere, köçelere,..şahyryň ady dakyldy. Onuň eserleri yzygiderli çapdan çykarylýar. Munuň özi türkmen il – ulusynyň beýik şahyra bolan çäksiz söýgüsini kepillendirýär. “Dünýä edebiýatynyň şamçyragy” hasaplanýan Magtymgula bolan söýgi diňe bir türkmenlerde däl, eýsem, doganlyk halklara – da, aýratyn hem özbek, garagalpak halklaryna mahsusdyr. Magtymguly bu doganlyk iki halkyň arasynda, başgalara garanda, juda meşhur. Bu barada özbek ýazyjysy Askat Muhtar şeýle ýazypdyr: “ Magtymgulynyň goşgularyny özbek doganlarymyz aýdym edip aýdýarlar, olar dilden – dile geçip biziň jülgelerimizi we ýaýlalarymyzy ýaňlandyrýar...Onuň ady biziň ýüreklerimizde edil Pöwrize kimin gök öwüsýär. Gadyrly doganlar, biziň hem Magtymgula siziň bilen deň şärik bolmaga hakymyz bardyr. Hawa, onuň diňe Buharada okanlygy üçin däl, ýok onuň üçin däl. Onuň hut özbek halkynyň hem gamyny iýenligi üçin, biz özümizi oňa şärikli hasap edýäris ”.
Garagalpak halkynyň görnükli alymy, Özbegistan SSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi Marat Nurmuhammedow hem şu maglumaty berýär: “Bizde bu ajaýyp türkmen şahyrynyň adyny hem şygyrlaryny bilmeýän ýekeje garry hem ýaş adam ýok. Baryp, 1903-nji ýylda meşhur ylmy – barlagçy edebiýatçy Belýaýew Goňrat we Çymbaý raýonlarynda bolmak bilen, Magtymgulynyň garagalpaklaryň arasyna ýaýran goşgularyny ýazyp alypdyr. Biziň halk şahyrlarymyz Berdak, Ajynyýaz, Aýat Bergen, Sadyk Oktýabr rewolýusiýasyndan öň, entek, Garagalpagystanda neşirýat, gazet, metbugat ýüze çykmanka, Magtymgulynyň eserlerini Garagalpak diline geçiripdirler we olary dil üsti bilen ilat köpçüliginiň arasyna ýaýradypdyrlar. Oktýabrdan soň Magtymguly bizde has hem meşhur boldy. Häzirki wagtda onuň köp eseri saza geçirildi. Şu günler uzak Aral adasynyň ähli ýerinde – pagtaçylyk kolhozlarynda we ýokary okuw jaýlarynyň auditoriýalarynda, şeýle hem mekdeplerde – ägirt uly söýgi hem – de çuň hormat bilen beýik şahyryň we akyldaryň ady dillerde tekrarlanýar. Biziň edebiýaty öwreniji alymlarymyz garagalpak edebiýatynyň ösüşinde Magtymgulynyň roly we orny hakdaky meseläni çözmek boýunça hemmetaraplaýyn iş alyp barýarlar ”.
Genial täjik-pars şahyry Abylkasym Firdöwsi on asyr mundan ozal 30 ýyllap çeken zähmetiniň netijesinde 120 müňden hem köp setiri özünde jemleýän “Şanama” epopýesasyny döredipdir. Ol şonda: “Belki, men şalary şöhratlandyryn; ýok beýle däl, özüme ýadygärlik dikdim” diýipdir. Dogrudan hem, şalaryň, hanlaryň köşki – eýwany her näçe berk salynsa – da, asyrlaryň synagyndan geçip bilmeýär, onuň öňünde ejizlik edýär, wagtyň geçmegi bilen kül –uşak bolup ýitip gidýär. Emma şygyrdan dikilen, ýadygärlikler müdimidir; çünki olar her hili tebigy hadysalaryň – da, jemgyýetçilik wakalaryň – da öňünde sarsman durýar.
Şonuň ýaly, türkmen halkynyň zähmetkeş ogullarynyň adalat, pähim – paýhas
nusgalarynyň we magnawy güýçleriniň biri bolan Magtymgulynyň çeper söz sungatyndan özüne diken ýadygärligi asyrlaryň synagyndan üstünlikli geçip gelýär, gün geldigiçe onuň öwüşgini artýar. Beýik şahyryň bagtyýar nesillere şol ýadygärligi belent sarpa goýup, ony göz göreji dek aýawly saklaýar, oňa barýan ýoly mähir suwy bilen ösdürilip ýetişdirilen güller bilen bezeýär.